Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

  • 16.01.2026 15:59
  • 7.1k+

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady.

Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy. Bu örän ýokary görkeziji bolup, ol bu babatda öňki ýyllar bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş gazanylandygyny subut edýär. Pedro Sançesiň hökümetiniň ilkinji ýyly bolan 2018-nji ýylda 90774 adam raýatlyk aldy. 2017-nji ýylda bolsa bu görkeziji 66,498 adama barypdy.
Ortaça hasap bilen, her ýyl daşary ýurt raýatlarynyň takmynan 4%-i raýatlyk alýar. Başgaça aýdylanda, Ispaniýada hemişelik ýaşaýan üçünji ýurtdan gelen her 20 daşary ýurtlynyň biri hökman wagtyň geçmegi bilen raýat bolýar. Täze raýatlaryň 80%-den gowragy öň Ispaniýanyň daşynda ýaşapdy. Bu bolsa degişli ýagdaýda immigrasiýanyň ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär.
Raýatlyga kabul edilenleriň iň köpüsi marokkolylardyr. Olaryň ýylda takmynan 43 000-si Ispaniýanyň raýatlygyny aldy. Bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär.
Häkimiýetler täze raýatlaryň köpelmegini ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de bolsa, seljerijiler ykdysady ösüşiň agramly böleginiň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna  däl-de, ilatyň ösüşine daýanýandygyny belleýärler.


düýn 06:40
1.6k+

Türkmenistanda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

17-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi...

17.03.2026 16:36
3.6k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...

12.03.2026 19:56
6.9k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 17:57
3.4k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda koreýaly diplomatlar bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy guraldy. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär...