ABŞ-ly genetikler derman öndürmek üçin towuk ýumurtgalaryny «programmirlemegi» öwrendiler

  • şu gün 12:18
  • 1k+

Missuri uniwersitetiniň alymlary towuk ýumurtgalarynyň lukmançylyk zerurlyklary üçin dermanlyk beloklaryny durnukly öndürmegine mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler.

Poultry Science žurnalynda çap edilen gözleg, öňler guşlary waksinalary we antitelleri çykarmak üçin ynamly bioreaktorlar hökmünde ulanmaga päsgel beren genleriň durnuksyzlygy ýaly möhüm meseläniň çözgüdini beýan edýär.

Ýumurtgalardan derman almak konsepsiýasy täze däl. Bu usul eýýäm dümewe garşy waksinalary döretmekde ulanylýar. Ýöne pudagy ösdürmek üçin esasy päsgelçilik, gurnalan DNK-nyň «ynamly däldigi» bolupdy. Guşuň bedeniniň wagtyň geçmegi daşyndan girizilen genetiki maglumatlary öçürmegi, ýagny «Epigenetik basyp ýatyrma» diýlip atlandyrylýan hadysanyň ýüze çykmagy bilen, zerur bolan belogyň öndürilmegi indiki nesillerde dowam edip bilmeýärdi.

Kiho Liniň ýolbaşçylygyndaky gözleg topary bu kynçylygy çözmek üçin CRISPR atly häzirki zaman gen redaktirleme tehnologiýasyny ulandylar. Olar derman öndürýän geni towugyň bedeni üçin iň zerur we hemişe hereketdäki bolan gen zolagyna – GAPDH geniniň ýanyna ýerleşdirdiler. Netijede, bu «medisina genleri» indi ömürboýy towugyň bedeninde işjeň ýagdaýda galyp bilýär.

Gipotezany tassyklamak üçin täze gene ýalpyldawuk marker goşuldy. Synaglar öýjükleriň köp bölünmeginden soň hem signalyň ýok bolmandygyny görkezdi. Meňzeş gözleglerde öň gazanylmadyk bu netije genleriň ýapylmandygyny subut edýär. Munuň özi, özgerdilen guşlaryň doly neslini döretmekden öňki möhüm ädimdir.

Usulyň iş ýüzünde üstünlikli tassyklanan ýagdaýynda, towuklar täsirli bioreaktorlara öwrülip bilerler. Şeýle guşuň her bir ýumurtgasy çylşyrymly biomolekulalary öndürmek üçin bellenen beloklary saklar. Kiho Liniň aýtmagyna görä, tehnologiýa peýdaly derman düzümleri bolan ýumurtgalary berýän towuklaryň durnukly baş sanyny döretmäge mümkinçilik berer. Lukmançylykdan başga-da, bu çemeleşme guşlaryň öz immunitetini ýokarlandyrmak, mysal üçin, towuk dümewine duýgurlygyny azaltmak üçin hem ulanylyp bilner.

Täzeligiň önümçiligi has arzan we howpsuz etjekdigi bolsa öz-özünden düşnüklidir.


29.04.2026 20:39
8k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

28.04.2026 23:08
2.7k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

28.04.2026 17:38
3.4k+

Daşky magnit meýdany bolmadyk täsin magnit döredildi

Daniýaly alymlar täsin bir material – hrom-pirazin (Cr(pyrazine)₃) atly magnit oýlap tapdylar. Onuň adaty magnitlerden esasly tapawutly tarapy, özünde magnit güýji bar bolsa-da, daşyna hiç hili magnit......

27.04.2026 23:19
5.4k+

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......