Toyota Land Cruiser 70-iň Urban Heritage Style atly görnüşini tanyşdyrar

  • 01.05.2026 14:57
  • 4.8k+

Toyota konserni Tokioda geçiriljek Field Style sergisine gabatlap, Land Cruiser 70 wnedorožniginiň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Urban Heritage Style atly nusga 1980-nji ýyllaryň äheňinde işlenilip, 1984-nji ýyldan bäri önümçiligi yzygiderli dowam edip gelýän bu modeliň taryhy mirasyny nygtaýar. Täze «ýetmişinji» modeliň daşky görnüşi wintaž çäge reňki we ulagyň daşyndan aýlanýan gara gorag karkasy bilen tapawutlanar. Şeýle hem, teker diskleri hem kuzowyň reňkine laýyklykda çägesöw reňkde bolar. Ulagyň gapdallaryndaky retro äheňindäki grafiki şekiller dizaýna aýratyn görk berer.

Bu taslamanyň üstünde Land Cruiser modelleri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmekde ýöriteleşen Land Cruiser Base bölümi işleýär. Häzirki wagtda kompaniýa tehniki üýtgeşmeler ýa-da salonyň täzelenmegi barada jikme-jik maglumat bermedi. Taslama Land Cruiser 70-iň hem şäher şertlerinde, hem ýolsuz ýerlerde ulanmak üçin örän amatlydygyny görkezmegi maksat edinýär.

Field Style sergisi 9-10-njy maý günleri Tokioda geçiriler.

2026-njy ýylyň dowamynda Toyota tarapyndan beýleki synag görnüşleriň hem tanyşdyrylmagyna garaşylýar, sebäbi markanyň ilkinji wnedorožnikleriniň önümçilige başlamagyna 75 ýyl doldy. Şeýle hem, mundan ozal Land Cruiser maşgalasynyň täze krossower we pikap modelleri bilen giňeldiljekdigi barada habar berlipdi.


düýn 11:18
4k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......