Moldowada türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow hatyralandy

  • 02.05.2026 18:20
  • 5.9k+

Moldowanyň Aneniý-Noý raýonynyň Delakeu obasynda türkmen ýazyjysy we uruş gahrymany Nurmyrat Saryhanowyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Moldowadaky ilçisi (oturýan ýeri Kiýew) Toýly Ataýew, Aneniý-Noý raýonynyň başlygy Aleksandru Moiseý, raýon geňeşiniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylar 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Moldowa ýerlerini faşistik basybalyjylardan azat etmek ugrundaky söweşlerde wepat bolan ýazyjyny hatyralady.

2026-njy ýylda Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenilýär. «Şükür bagşy» powestiniň we «Kitap» hekaýasynyň awtory 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dünýä inipdi.

Ikinji jahan urşunyň esgerleriniň doganlyk guburynyň ýerleşýän Delakeu obasyndaky ýadygärlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen düýpli abatlandy. Abatlaýyş işleri Moldowanyň ýolbaşçylarynyň goldamagynda we türkmen tarapynyň hasabyna amala aşyryldy. Täzelenen ýadygärlik toplumy 2017-nji ýylda Moldowanyň Prezidentiniň we türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda açyldy.


şu gün 10:39
1.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
2.6k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......