Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

  • 01.05.2026 15:06
  • 2.2k+

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Alymlaryň netijeleri 880-den gowrak öý guşy baradaky maglumatlara esaslanýar. Barlagyň dowamynda «ManyParrots» taslamasynyň çäginde ýygnalan eýeleriniň sowallary, audioýazgylar we wideomateriallar öwrenildi.

Guş eýeleriniň tas ýarysy öz guşlary tarapyndan olara ýüzlenmek üçin «atlaryň» ulanylýandygyny bellediler. Wideolaryň seljermesi bolsa, guşlaryň diňe bir umumy kategoriýany aňlatman, eýsem anyk şahsyýetleri biri-birinden tapawutlandyrmaga ukyplydygyny subut etdi.

Şeýle-de, totyguşlaryň ünsi çekmek ýa-da aragatnaşygy başlatmak üçin käwagt öz «atlaryny» hem aýdýandyklary anyklandy. Barlagyň awtordaşy Kristin Daliniň sözlerine görä, guşlaryň ulanýan «atlary» adamlaryňky bilen doly meňzeş diýip aýtmak häzirlikçe irdir.

«Biz olaryň doly manysyna heniz düşünemzok» diýip, bilermen takyklaşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, ol bu ylmy işiň guşlarda şeýle çylşyrymly aragatnaşyk üçin zerur bolan akyl ukyplarynyň bardygyny subut edendigini tassyklaýar.

Alymlar bu netijeleriň haýwanlarda aragatnaşygyň we diliň ösüşine has gowy düşünmäge ýardam etjekdigine ynanýarlar.


düýn 08:06
1.8k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

11.06.2026 12:12
7.9k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......