UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

  • 02.05.2026 16:41
  • 8k+

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda erkin göreş boýunça tutluşyk bolar.

Sarukýan üçin bu tutluşyk soňky ýarym ýylyň içinde RAF ligasyndaky altynjy çykyşy bolar. UFC-niň ýeňil agramda ikinji orny eýeleýän söweşijisi häzirki wagtda MMA karýerasyny göreş ýaryşlary bilen utgaşdyryp, oktagondan daşarda hem ýokary işjeňlik görkezýär. Ol RAF-da yzly-yzyna dört gezek ýeňiş gazandy, şol sanda ýakynda Ýuraýa Feýberden hem üstün çykdy. Fergýuson bilen boljak tutluşykdan öň, ýagny 30-njy maýda Sarukýan RAF 09 ýaryşynda amerikaly bloger-pälwany Kilon «Mugzy» Jimison bilen hem güýç synanyşar.
Arman Sarukýan 2025-nji ýylyň noýabrynda geçiren soňky UFC söweşinde Den Hukerden ynamly ýeňiş gazandy. Şeýle hem, 29 ýaşly türgen Iliýa Topuriýa we Jastin Getjiniň arasyndaky çempionlyk söweşi (UFC Freedom 250) üçin resmi ätiýaçlyk söweşijisidigini mälim edipdi.
UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, 42 ýaşly Toni Fergýuson üçin bolsa bu duşuşyk RAF ligasyndaky ilkinji çykyşy bolar. 2024-nji ýylyň awgustynda UFC-däki karýerasyny tamamlanyndan soň, Fergýuson özüni başga ugurlarda synap görýär. Ol 2025-nji ýylda boks älemine (Misfits Boxing ligasy) gadam basyp, yzly-yzyna iki ýeňiş gazanmagy başardy.


şu gün 07:07
4k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

17.05.2026 23:54
11k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....

10.05.2026 11:39
13k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......