​В Египте нашли массивную статую Рамсеса II

  • 01.05.2026 15:59
  • 4.6k+

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Hünärmenler bu artefakty El-Huseýniýa etrabynyň Tell-Farun diýen ýerinde tapdy. Heýkeliň aşaky bölegi — aýaklary we binýady ýok. Arheologlaryň maglumatyna görä, onuň agramy 5-den 6 tonna çenli bolup, uzynlygy takmynan 2,2 metre deňdir.

«Ol örän erbet ýagdaýda, ýöne galan bölekleri bu heýkeliň triadanyň bir bölegi bolandygyny çaklamaga esas berýär» – diýlip, habarda bellenilýär.

Ramses II Gadymy Müsüriň faraony, XIX nesilşalygyň üçünji hökümdarydyr. Ol 25 ýaşynda tagta çykypdyr. Ol b.e. öň 1279–1213-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir diýlip hasaplanýar. Ramses II-niň dolandyran ýyllarynda Gadymy Müsürde giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barlypdyr, köp sanly ybadathanalar, şol sanda Abidosdaky, Fiwadaky we Edfudaky ybadathanalar gurlupdyr.

Müsüriň gadymy ýadygärlikleri bölüminiň ýolbaşçysy professor Mohamed Abdel Badi antik döwürlerde bu heýkeliň dini toplumlaryň birinde oturtmak üçin Per-Ramses şäherinden Tell-Faruna getirilendigi baradaky çaklamany öňe sürdi.

Hünärmenler heýkeli dikeldiş işlerine taýýarlamak üçin muzeý ammaryna äkitdi.


вчера 16:40
2.5k+

​Старые заводы и предприятия Европы сделают туристическими объектами: новый вид путешествий

​Шесть регионов из шести стран Европы запустили проект IndusTour, который развивает промышленный туризм и продвигает осознанные путешествия, связанные с историей промышленных территорий....

вчера 12:20
8.8k+

В Казахстане упростили въезд для граждан 105 стран

Граждане 105 стран могут оформить электронную визу для въезда в Казахстан без посещения посольства. Об этом сообщает Orda.kz со ссылкой на министра внутренних дел страны Ержана Саденова....

05.06.2026 21:38
6.9k+

В Великобритании за €6,8 млрд построят парк развлечений Universal

Компания NBCUniversal инвестирует более 5 млрд фунтов стерлингов (6,8 млрд евро) в строительство первого европейского парка развлечений Universal. Объект планируется открыть в 2031 году....

05.06.2026 12:02
7k+

В Лапландии ради привлечения туристов спрятали клад стоимостью €20 тысяч

Финский курорт Леви в Лапландии объявил о запуске летней акции по поиску сокровища стоимостью 20 тысяч евро, рассчитывая привлечь больше туристов в регион вне зимнего сезона....