ABŞ-nyň ýaryndan gowragy asyryň iň uly gurakçylygyny başdan geçirýär

  • 02.05.2026 10:56
  • 8k+

ABŞ-nyň ýaryndan köpüsini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 25 ýylyň iň uly gahatçylyklarynyň biridir.

Häzirki wagtda azyndan 30 ştatda ýagyn ýetmezçiligi duýulýar. Bu gurakçylyk 2012-nji ýyldaky rekord derejeden bary-ýogy 2% yzdadyr. Şeýlelikde ony XXI asyryň iň uly gurakçylyklarynyň biri diýip hasap etmek bolar.

Alabama, Jorjiýa, Missisipi we beýleki birnäçe ştatda gurakçylyk 100%-e ýetdi. Florida we Arkanzas ýaly ştatlarda bolsa ýeriň 99%-i gurady.

Ýuta ştatyna ýagýan ýagşyň mukdary 59% azaldy. Kolorado ştatynyň daglarynda bolsa garyň derejesi taryhyň iň pes nokadyna düşdi.

Alymlar bu ýagdaýyň örän agyr netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar. Gurakçylyk zerarly derýalaryň çekilip, suwdan peýdalanmagy kynlaşdyrýar. Tokaý ýangynlarynyň döreme howpy artýar. Mallar üçin öri meýdanlary azalýar we ekin meýdanlaryna uly zyýan ýetýär.

Sinoptikler şu aýyň ortalaryna ýagyn ýagar diýip garaşýarlar. Eger garaşylan çykmasa, ýagdaý has-da kynlaşar.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......