«Ermak» Germaniýada 50 brendiň arasynda birinji orny eýeledi!

  • 01.05.2026 18:30
  • 13k+

Özbegistanyň «Ermak» brendi dünýä bazarynda ornuny berkitmegini we gerimini barha giňeltmegini dowam edýär.

Golaýda bu brendiň önümleri satyş boýunça täsin üstünligi gazanmagy başardy: geçen ýylyň soňky 6 aýynyň jemi boýunça «Ermak» çigitleri Germaniýada 50 sany brendiň arasynda 1-nji orny eýeledi. Bu netije bolsa Ýewropanyň iň talapkär bazarlarynyň birinde önümiň ýokary hiliniň ykrar edilmeginiň alamatydyr.

Munuň bilen birlikde kompaniýa önümçilik kuwwatyny hem artdyrýar. Özbegistanyň Fergana şäheriniň Kirguli kiçi senagat zolagynda miweleri gaýtadan işleýän täze «ERMAK-ALO» kärhanasy açyldy. Taslama 2 million dollaryň maýa goýulmagy brendiň ösüşe tarap ynamly meýilnamalary orta atýandygyny görkezýär.

«Ermagyň» esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem biziň ýurdumyz Türkmenistandyr. Brendiň önümleri ýokary hili, üýtgeşik gaplanyşy, saglyga peydalylygy hem-de halal önümleri bilen halkymyzyň uly söýgüsini gazandy.

Şonuň üçin kompaniýa türkmen müşderileri üçin ýakymly täzeligi taýýarlaýar: bahym Türkmenistana brendiň täze önümleri getiriler. Olar ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň tekjelerinde ýakyn wagtda peýda bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 64 606266


düýn 18:22
7.9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.7k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....