FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

  • 01.05.2026 18:26
  • 4.3k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi.

Wankuwerde geçirilen guramanyň geňeşinde tassyklanan täze maliýe meýilnamasyna görä, gatnaşýan 48 ýygyndy toparyň her biri üçin iň pes töleg öň meýilleşdirilen 10,5 million dollaryň deregine indi 12,5 million dollar bolar.

Býujetiň täzeden gözden geçirilmegi erkekleriň arasyndaky ýaryşyň täjirçilik taýdan üstünlikli bolmagy hem-de milli assosiasiýalaryň uly logistika we salgyt çykdajylarynyň öwezini dolmak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Mundan ozal Ýewropanyň köp sanly federasiýalary ABŞ-da, Kanadada we Meksikada bolmagyň hem-de ýol çykdajylarynyň gymmatlygy sebäpli, hatda üstünlikli çykyş edilen ýagdaýynda-da ýaryşa gatnaşmagyň maliýe taýdan ýitgili bolup biljekdigi barada alada bildiripdi.

Esasy baýrak pulundan başga-da, FIFA toparlaryň taýýarlygy üçin berilýän serişdäni 1,5 million dollardan 2,5 million dollara çenli, kwalifikasiýa tölegini bolsa 10 million dollara çenli ýokarlandyrdy. Mundan başga-da, wekiliýetleriň çykdajylaryny ýapmak we bilet kwotalaryny giňeltmek üçin 16 million dollardan gowrak goşmaça serişde bölüp berildi. Ýaryşdan geljek galan girdejiler bolsa, adatça bolşy ýaly, dünýä futbolyny ösdürmek üçin FIFA-nyň agzasy bolan 211 assosiasiýanyň arasynda paýlanar.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty taryhy waka bolar: ýaryş ilkinji gezek bir wagtyň özünde üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşlar 11-nji iýun bilen 19-njy iýul aralygynda dowam eder, oňa gatnaşjak toparlaryň sany bolsa taryhda ilkinji gezek 48-e ýetirildi.


düýn 23:57
577

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 17:32
7k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....