7.5k+

BMW «guduzlan» rul sebäpli X3 krossowerlerini yzyna ýygnaýar

BMW geň we howsala döredýän kemçilik sebäpli 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň 36 922 sany X3 krossowerini yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygynyň milli edarasy (NHTSA) habar berdi...

11k+

Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar...

10k+

Toyota Land Cruiser Prado metal gorag elementleri bilen üýtgeşik wersiýa eýe boldy

Kuhl Racing ýapon týuning-atelýesi Blocker Iron Build atly taslamany yglan etdi. Ony Tokio sergisinde görkezmek meýilleşdirilýär. Taslama üçin esas hökmünde Toyota Land Cruiser Prado alyndy. Awtomobiliň ýerden beýikligi asgyçdaky (podweska) üýtgeşmeleriň we adaty bolmadyk tigirleriň hasabyna artdyryldy hem-de köp sanly metal gorag elementleri bilen üpjün edildi...

9k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...

3.3k+

Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiligini goldamak maksatnamasyny ep-esli giňeldýändigini yglan etdi. Indi Xiaomi, Redmi we Poco brendleriniň birnäçe enjamlary bäş ýyla çenli HyperOS täzelenmelerini alarlar. Bu täzelik saýlanan smartfonlar we planşetler üçin hem esasy operasion ulgamynyň täzelenmelerini hem-de täze funksiýalaryň yzygiderli girizilmegini öz içine alýar...

5.7k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar

9-njy ýanwarda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy altynjy nesil Toyota RAV4 XA60 krossowerini hytaý bazaryna ibermäge başlar. Model täzelenen daşky görnüşe, gaýtadan işlenen interýere we güýç enjamynyň üç görnüşine – arassa benzine we iki gibride eýe boldy...

4.7k+

Red Bull öz RB17 ýaryş giperkarynyň gutarnykly dizaýnyny görkezdi

Red Bull Racing topary diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenen RB17 giperkarynyň gutarnykly suratlaryny görkezdi. Belli inžener Edrian Nýuiniň we Cosworth-dan hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen model jikme-jik işlenen kuzowa we mahsus interýere eýe boldy...

8.7k+

«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy

«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy...

3.9k+

«Awatar 3» prokatda 1 milliard dollar sepgitden geçdi

«Awatar: Ot we kül» filmi dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji görkezijisinden geçdi diýip, Collider neşiri habar berýär. Film 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ekrana çykdy we bary-ýogy iki hepdeden sähel gowrak wagtyň içinde bu görkezijä ýetdi...

3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar...

3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

7k+

Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi...

3.2k+

Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy

Göz öňüne getiriň: penjireden seredýärsiňiz, ol ýerde bolsa tutuş bir dünýä bar. Başyňyzy egen wagtyňyz, burçda gizlenip duran zatlary görüp bilýärsiňiz. Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda çykaryljak 32 dýuýmlyk Odyssey 3D flagman oýun monitorynda hut şu duýgulary wada berýär...

8.4k+

FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär. Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär...

2.2k+

«Jon Uik» franşizasy boýunça ýokary býujetli ekşen-oýun dörediler

«Lionsgate» kinokompaniýasy «Jon Uik» franşizasynyň sýužetlerine esaslanan, AAA-ekşen žanryndaky ýokary býujetli wideooýnuny işläp taýýarlamaga resmi taýdan girişdi. Bu taslama hakyna tutma ganhor baradaky hekaýanyň töwereginde multimediýa ekoulgamyny döretmek boýunça uzakmöhletleýin strategiýanyň bir bölegi bolar...

3.7k+

Barclays: Maýadarlar ABŞ-daky maýa goýumlaryny azaltdylar, bu ýagdaý Beýik Britaniýa üçin bähbitli boldy

2025-nji ýylda dünýä maýadarlarynyň ABŞ-nyň aktiwlerindäki paýyny azaltmagy bilen, Beýik Britaniýa garaşylmadyk ýagdaýda gazna bazarynyň öňdebaryjysyna öwrüldi. "Barclays" bankynyň Ýewropanyň paýnamalar strategiýasy boýunça ýyllyk synyna görä, bazarda kapitalyň halkara meýdançalaryna tarap rotasiýasy (ugruny üýtgetmegi) boldy...

2.9k+

BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar. BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi...

12k+

4 mln dollarlyk Bugatti Tourbillon Horwatiýanyň daglarynda aşa agyr garly şertlerde synagdan geçirilýär

"Bugatti-Rimac" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mate Rimas bahasy 4 million dollardan başlanýan täze "Bugatti Tourbillon" giperkarynyň gyşky synaglaryndan wideoşekilleri paýlaşdy. Synaglar Horwatiýanyň garly daglarynda geçirilýär we kadrlardan görnüşi ýaly, olar aňsat düşmändir: prototipleriň biri çuň garyň içinde kyn ýagdaýa düşüpdir...