64 döwlet Aýy özleşdirmek boýunça Artemis ylalaşygyna goşuldy

  • 09.05.2026 07:34
  • 1.4k+

Aýy öwrenmek we özleşdirmek boýunça halkara başlangyç bolan «Artemis» taslamasyna goşulan ýurtlaryň sany 64-e ýetdi.

Gysga wagtyň içinde bu maksatnama Latwiýa (20-nji aprel), Iordaniýa (23-nji aprel) we Marokko (29-njy aprel) goşuldy. Şeýlelikde, şu ýylyň başyndan bäri täze gatnaşyjylaryň umumy sany bäşe ýetdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň sözlerine görä, ylalaşyga gatnaşýanlaryň sanynyň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň älem giňişligini jogapkärli özleşdirmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Bilermenler goşulýanlaryň sanynyň çalt artmagyny «Artemis 2» missiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

«Artemis» ylalaşygy bar bolan halkara şertnamalaryna esaslanyp, kosmosda howpsuz we durnukly bolmagyň ýörelgelerini belleýär. NASA bu resminama geljekki Aý bazasynyň üstünde işlemek üçin utgaşdyryjy platforma hökmünde garaýar.

Indiki tapgyrda, ýurtlaryň Aýyň ýüzündäki özara gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek üçin, Halkara kosmos bekedi (HKB) mysalynda hökümetara ylalaşygyň döredilmegi mümkin diýlip çaklanylýar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......