Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň finalçylary belli boldy: Emeri nobatdaky kuboga barýar

  • 08.05.2026 10:56
  • 5.5k+

Angliýanyň «Aston Willa» we Germaniýanyň «Fraýburg» toparlary UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň finalyna çykdy.

«Aston Willa» birinji ýarym finalda «Nottingem Forestden» 0:1 hasabynda utulandan soň, Birmingemdäki öz meýdançasynda geçirilen jogap duşuşygynda oýnuň gidişini üýtgetmegi başardy we garşydaşyny 4:0 hasabynda derbi-dagyn etdi.

«Aston Willanyň» baş tälimçisi Unai Emeri altynjy gezek Ýewropa Ligasynyň finalyna çykdy. Ol 2014-2016-njy ýyllar aralygynda «Sewilýanyň» baş tälimçisi hökmünde bu ýaryşda ýeňiş gazanypdy. 2021-nji ýylda bolsa ispaniýaly hünärmen «Wilýarreal» bilen kubogy eýeledi. Emeri diňe bir gezek — 2019-njy ýylda Londonyň «Arsenalyna» tälim beren döwründe aýgytlaýjy duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy. Şonda «Arsenal» «Çelsiden» 1:4 hasabynda utulypdy.

Beýleki ýarym finalda Germaniýanyň «Fraýburg» topary Portugaliýanyň «Bragasyndan» üstün çykdy. Öz meýdançasynda geçirilen jogap oýnunda nemes kluby garşydaşyny 3:1 hasabynda utdy (birinji oýunda 1:2 hasabynda utulypdy).

Ýewropa Ligasynyň finaly 20-nji maýda Stambulda geçiriler.

Konferensiýa ligasynyň finalynda bolsa Angliýanyň «Kristal Pelas» we Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» toparlary duşuşar.

Ýarym finalda «Kristal Pelasyň» futbolçylary Ukrainanyň «Şahtýoryndan» üstün çykdy. Olar jogap oýnunda öz öýlerinde 2:1, birinji oýunda bolsa myhmançylykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Raýo Walýekano» bolsa myhmançylykda «Strasburg» bilen bolan jogap duşuşygynda hem öz öýündäki netijesini gaýtalady — 1:0.

Konferensiýa ligasynyň aýgytlaýjy duşuşygy 27-nji maýda Leýpsigde bolar.


düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......