Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

  • 08.05.2026 22:36
  • 3.2k+

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik Russiýadan, Awstriýadan, Özbegistandan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan we beýleki ýurtlardan jemi 500-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçirildi diýip, THP habar berýär.

Intellektual bäsleşikde Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Gülöwser Gylyçmämmedowa kümüş we Döwletgeldi Şakirjanow bürünç medallary aldy. Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow bilen Halmyrat Myratgeldiýew kümüş medallara mynasyp boldy.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary baýrakly orunlary eýelemegi başardy.

Ýaşlaryň bu intellektual bäsleşikde gazanan netijeleri ýurtda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga we bilim ulgamyna innowasion usullary ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliligini tassyklaýar.


düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......