Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

  • 09.05.2026 08:01
  • 5.7k+

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi.

Bu bäsleşik eýýäm üç ýyldan bäri yzygiderli guralyp gelinýär. Gatnaşyjylar şäheriň seýilgähleriniň birine ýygnanyp, ýerli wagt bilen sagat 15:00-da bir sagatlyk dynç alyşa başlaýarlar. Olaryň esasy wezipesi, şol wagtyň içinde mümkin boldugyça iň ýokary hilli uka gitmäge çalyşmakdyr.

Eminler öz bahalaryny bäsleşige gatnaşyjylaryň ýürek urşunyň üýtgeşmesini ölçeýän pulsometrleriň kömegi arkaly kesgitleýärler.

Şu ýylky ýaryşda paýtagtyň 80 ýaşly ýaşaýjysy ýeňiji boldy. Ikinji orny bolsa 37 ýaşly ofis işgäri eýeledi. Onuň aýtmagyna görä, ol adatça gijelerine bary-ýogy 3-4 sagat uklaýar.

Çäräni şäher häkimligi guraýar. Häkimiýetler bu çäre arkaly dynç almagyň ähmiýetini ýatlatmagy we stres ýa-da aşa köp işlemek sebäpli ýüze çykýan gijeki ukusyzlygyň öwezini dolmagyň ýollaryny görkezmegi maksat edinýärler.

Käbir maglumatlara görä, Günorta Koreýa Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza ýurtlaryň arasynda iş ýüküniň iň ýokary we ýaşaýjylaryň yzygiderli ukusyzlykdan köp ejir çekýän döwletleriniň biridir.


düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

19.06.2026 19:40
3k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......