Meta robotlar üçin EA-ny işläp düzmegi çaltlandyrmak maksady bilen ARI startapyny satyn alýar

  • 09.05.2026 07:08
  • 897

Meta kompaniýasy gumanoid robotlar üçin emeli aňy işläp düzmäge ýöriteleşen Assured Robot Intelligence (ARI) startapyny satyn alýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň çäklerinde (bahasy aýan edilmeýär) ARI-niň ähli işgärler topary, şol sanda onuň esaslandyryjylary hem korporasiýanyň «Superintelligence Labs» atly ýörite EA-bölümine geçýär.

ARI hakyky dünýäde adaty öý işlerinden başlap, çylşyrymly işlere çenli dürli fiziki ýumuşlary ýerine ýetirmäge niýetlenen robotlar üçin binýatlyk (foundation) modellerini döretmek bilen meşgullanýar. Meta-nyň wekilleri startap toparynyň tejribesiniň robotlara adamlaryň özüni alyp barşyna düşünmäge, çaklamaga we uýgunlaşmaga mümkinçilik berýän modeller ulgamynda örän gymmatlydygyny belleýär.

Startapyň esaslandyryjylary — belli barlagçylar Lerrel Pinto we Sýaolun Wan. Pinto mundan ozal Nýu-Ýork uniwersitetinde sapak beripdi we Amazon tarapyndan satyn alnan Fauna Robotics-iň esaslandyryjylarynyň biri bolupdy. Wan bolsa Nvidia kompaniýasynda işläpdi we San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetinde mugallymçylyk edipdi.

Meta üçin bu satyn alyş «fiziki emeli aňy» ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Bilermenleriň bellemegine görä, has kämil intellektual ulgamlary döretmegiň ýoly fiziki dünýä bilen özara gatnaşygyň içinden geçýär, sebäbi diňe tekstler ýa-da wideolar bilen öwretmek arkaly obýektleri dolandyrmak we adamlar bilen aragatnaşyk saklamak tejribesini gazanyp bolmaýar.

Bu şertnama tehnologiýa äleminiň ägirtleriniň «embodied AI» (diňe bir dünýäni kabul etmän, eýsem onda hereket edip bilýän modeller) ulgamynda öz ornuny berkitmäge çalyşýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.


düýn 16:10
3.2k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
995

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.5k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......