Arubaly pälwan 10 tonnalyk awtobusy boýny bilen çekip, dünýä rekordyny goýdy

  • 09.05.2026 05:59
  • 4.7k+

49 ýaşly pälwan Egmond Molina agramy takmynan 10 tonna bolan awtobusy boýny bilen 20 metr aralyga çekip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Awtobusyň anyk agramy 9860 kg-a deňdir. Molina ukrainaly Dmitriý Grunskiniň 2024-nji ýylda 8060 kg agram bilen goýan ozalky rekordyny täzeledi.

Türgeniň aýtmagyna görä, ol diňe bir täze üstünlik gazanmak däl, eýsem öz watany — Aruba adasyna dünýäniň ünsüni çekmek isläpdir.

«Gözel watanym, bary-ýogy 110 müň ilaty bolan kiçijik Aruba adasynyň wekili hökmünde, men beýikligiň, hatda ýer şarynyň iň kiçijik künjeklerinde hem doglup biljekdigini görkezmek isleýärin» diýip, rekordçy belledi. Ol özüniň bu üstünligini ata-enesine bagyşlady.

Molinanyň aýtmagyna görä, bu hereketi etmeklik bedene örän agyr agram salypdyr. Diňe boýny bilen çeken awtobusy bedendäki kislorod akymyny birden çäklendiripdir.

«Ýüpüň dem alyş ýollarymy gysany üçin, men güýçli dartgynlylyk şertlerinde dem alşymy dykgat bilen gözegçilikde saklap, uly tagalla etmeli boldum. Güýçli stres ýagdaýynda parahatlygy saklamak çynlakaý psihologik göreşe öwrüldi» diýip, Molina boýun aldy.

«Adam-kran» lakamy bilen tanalýan pälwan mundan ozal hem on sany rekord goýupdy. Olaryň arasynda tramwaýy ýeke barmagy bilen çekmek, bir barmak bilen agyr ýük götermek we agyr ýükleri dişleri bilen saklamak ýaly üstünlikler bar. Molinanyň sözlerine görä, rekordlara taýýarlyk görýän we olary ýerine ýetirýän wagty ol birnäçe gezek şikes alypdyr. Onuň dyzy şikeslenip, egin siňirleri üzülipdir we äňi sowuklapdyr. Muňa garamazdan, ol türgenleşiklerini dowam edýär we täze synaglara taýýarlanýar.


düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....