Ýewropada deňiz düýbüni zibillerden arassalamak üçin robotlar we emeli aň ulanylýar

  • 09.05.2026 09:01
  • 4.6k+

Ýewropada robotlaryň we emeli aňyň kömegi bilen deňiz düýbüni arassalamaga niýetlenen SeaClear 2.0 ulgamynyň synaglary başlandy.

Häzirki bar bolan çözgütlerden tapawutlylykda, bu taslama eýýäm deňiz düýbüne çöken hapalary ýygnamaga gönükdirilendir. Wagtyň geçmegi bilen beýle galyndylar dargap, mikroplastige öwrülýär. Mikroplastigi aýyrmak bolsa asla mümkin däl diýen ýaly we ol ähli ekoulgamlara ýaýraýar.

Ulgam bilelikde işleýän birnäçe enjamdan ybarat: adamsyz gämi tutuş operasiýany dolandyrýar, howa arkaly dron hapalaryň jemlenen ýerlerini kesgitleýär, suwasty apparat bolsa düýbi skanirläp, obýektleri tapýar. Hapalary ýygnamak üçin dürli robotlar ulanylýar. Olaryň käbiri dar ýerlerde işläp, ýeňil hapalary ýygnaýar, beýlekileri bolsa ýörite gysgyçlaryň kömegi bilen agyr zatlary ýokary galdyrýar.

Emeli aň kameralardan we sonarlardan gelýän maglumatlary işläp taýýarlap, hapany tebigy obýektlerden saýhallamaga kömek edýär. Şunlukda, ähli proses ynsan tarapyndan gözegçilikde saklanylýar.

Synagyň dowamynda eýýäm awtoulag tekerlerini, metal gurluşlary we gämileriň detallaryny suwdan çykarmak başartdy.

Ulgam kämilleşdirilenden soňra onuň netijeliligi ýokarlandy: 30–40 minudyň içinde belli bir meýdançany barlap, arassalamak, bir sagatdan az wagtyň içinde bolsa iri göwrümli obýektleri ýokary galdyrmak mümkin boldy.

Synaglar Wenesiýada, Dubrownikde we Tarragonada dowam eder. Taslamany 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.


27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......

24.05.2026 07:37
2.7k+

Barlag: Emeli aň sebäpli işgärleriň sanynyň azaldylmagy garaşylýan netijäni bermeýär

Emeli aň ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalar tehnologiýanyň hakyky peýda getirip-getirmejegine garamazdan, işgärlerini köplenç azaltmak bilen bolýarlar. Ýyllyk girdejisi 1 milliard dollardan geçýän......

22.05.2026 01:16
2.5k+

ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......