Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

  • 08.05.2026 16:04
  • 4.2k+

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Bu ulgam ilkinji gezek Ioniq 5 N modelinde tanyşdyrylyp, aslynda ulag muşdaklary üçin döredilipdi. Ol sekiz basgançakly basyşly geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýar: tizligi çalşyranyňda bolýan säginmeleri, silkinmeleri we şol pursatdaky mahsus sesleri janlandyrýar. Indi bolsa öndüriji bu funksiýany adaty sürüjiler üçin hem uýgunlaşdyrmakçy bolýar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, elektrik awtoulaglary köplenç "duýgy taýdan yzyna berilýän täsiriň" ýoklugy üçin tankyt edilýär. Hyundai-yň gözegçiliklerine görä, Ioniq 5 N-iň eýeleri wirtual basgançaklary işjeň ulanýarlar, sebäbi bu usul elmydama spidometre seretmän, ulagyň dinamikasyny has gowy duýmaga kömek edýär.

Hyundai-yň Ýewropa boýunça önüm müdiri Rafa wan Nuffel bu tehnologiýanyň başlangyç nusgalarda ulanylmajakdygyny habar berdi. Ulgamyň dogry işlemegi üçin itergileri we aýlaw pursatynyň paýlanyşyny amala aşyryp biljek ýeterlik güýç rezerwiniň bolmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem bu funksiýa diňe sport "N" modellerinde däl, eýsem esasy liniýanyň orta we ýokary güýçli nusgalarynda hem peýda bolar.

Aprel aýynda Pekin awtosalonynda Hyundai ýerli bazar üçin niýetlenen täze seriýaly Ioniq V elektrik awtoulagyny tanyşdyrdy. Bu model kompaniýanyň 20 sany täze önüm çykarmak baradaky meýilnamasynyň bir bölegidir.


düýn 12:20
2.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......