Sabi startapy pikirleri tekste öwrüp bilýän başgap döretdi

  • 08.05.2026 23:54
  • 1.4k+

Palo-Alto şäherinde ýerleşýän Sabi startapy beýni signallaryny okap we pikirleri tekste öwrüp bilýän örülen başgabyň işlenip düzülendigini yglan etdi.

New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, Sabi Cap atly enjam takmynan 100 000 elektroensefalografiýa (EEG) sensorlary bilen üpjün edilen. Olar beýniniň elektrik işjeňligini ýazga alýar we maglumatlary kompaniýanyň Brain Foundation atly AI modeline geçirýär. Işläp düzüjileriň tassyklamagyna görä, ulgam pikirleri minutda 30 söze çenli tizlikde sanly tekste öwrüp bilýär.

Wired neşiriniň habaryna görä, model takmynan 100 meýletinçiden ýygnalan 100 000 sagatlyk maglumatlar esasynda taýýarlanyldy. Şeýle-de bolsa, bilermenler EEG signallaryny söze öwrüp bilýän uniwersal ulgamy döretmegiň örän kyn mesele bolup galýandygyny we kompaniýanyň heniz tehnologiýanyň netijeliliginiň ynamly subutnamasyny hödürlemändigini belleýärler.

Şeýle enjamlara bolan gyzyklanma olaryň Neuralink ýaly beýni implantlaryna has ýönekeý alternatiwa bolmagynyň mümkindigi bilen baglydyr. Käbir barlaglar EEG maglumatlarynyň "pikirden tekste" tehnologiýalary üçin ulanylyp bilinjekdigini görkezýär.

Şeýle-de bolsa, Scientific Reports žurnalynda çap edilen makalanyň awtorlary şeýle modelleriň netijeleriniň ikuçly bolmagynda galýandygyny belleýärler. Olar üstünligiň käbir böleginiň doly "pikir okamak" däl-de, emeli aňyň nusgalary ýatda saklamak ukyby bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigine ynanýarlar.

Sabi enjamyny 2026-njy ýylyň ahyrynda çykarmak meýilleşdirilýär.


düýn 11:08
803

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......