Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

  • 08.05.2026 15:01
  • 1.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa abadançylygy — Zeminiň gözelligi» atly eko-kwest aksiýasy geçirildi.

Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan, tebigata aýawly garaýşy kemala getirmekden hem-de daşky gurşawy we tebigy mirasy gorap saklamak ugrundaky jogapkärçiligini artdyrmakdan ybarat boldy.

Aksiýanyň başynda «Ýaş tebigatçy» guramasynyň hünärmenleri Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe, tebigy baýlyklary gorap saklamaga we ekologiýa diplomatiýasynyň ornuna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna, milli mirasy we tebigy baýlyklary gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda ýurduň halkara ekologik konwensiýalaryna gatnaşmagy, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegi, çölleşmä garşy göreşmek we biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça görülýän çäreler barada bellenilip geçildi. Şeýle işleriň ýaşlarda ekologik medeniýetiň kemala gelmegine ýardam edýändigi nygtaldy.

Soňra gatnaşyjylar institutyň çägini abadanlaşdyrmak işlerine gatnaşdy. Talyplar baglara ideg etdi, ýaşyl zolaklary abadanlaşdyrmak we ýanaşyk ýerleri arassalamak işlerini ýerine ýetirdi.

Çäräniň iň işjeň gatnaşyjylary «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu hili çäreler ýaşlaryň ekologik jogapkärçiligini ösdürmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam edýär.


20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 18:51
9.6k+

Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....