Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

  • 08.05.2026 12:46
  • 1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Halkara we sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan panel sessiýasynda çykyş eden bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew demografik mümkinçilikler penjiresinden peýdalanmagyň usullaryny hödürledi. Çykyşda adam maýasyny ösdürmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynyň isleglerini çaklamak we ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak meselelerine deglip geçildi.

Demografik ýagdaýlaryň ykdysady ösüş, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we zähmet öndürijiligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, demografik mümkinçiliklere ýokary goşulan gymmatlyga esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek üçin strategik çeşme hökmünde garalýar.

Maslahata gatnaşyjylara ykdysady we maýa goýum ileri tutulýan ugurlaryny bilim maksatnamalaryna geçirmegi göz öňünde tutýan model tanyşdyryldy. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň başarnyklaryny seljermegiň esasynda zähmet bazary üçin hünärli işgärleri taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem ykdysadyýetiň 11 pudagyny we 156 sany täze hünäri öz içine alýan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» hödürlendi.

Mundan başga-da, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde 2026–2027-nji ýyllar üçin «Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň milli ulgamyny» taýýarlamak meýilnamalary barada habar berildi. Bu taslama emeli aňa esaslanýan sanly platformany we hünärlere bolan islegi çaklamagyň analitik modelini döretmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem demografik çaklamalar we bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.6k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.3k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......