Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdebi «Açyk gapylar» gününi geçirýär

  • 08.05.2026 10:21
  • 2.8k+

Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdebi okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň öwredilýän hünärler we döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşmagy üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlara 9-njy maýda sagat 14:00-da garaşýar. Bu ýerde ýaşlar öwredilýän hünärler we okuwlaryň guralyşy bilen bir hatarda daşary ýurt dilinde ýokary hünär bilimini almagyň aýratynlyklary, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, talyplaryň ylmy we medeni gurnaklary hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp biler.

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçe, 169-njy jaý.
  • Habarlaşmak üçin: 39-85-42, 39-85-13.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti mekdep okuwçylary, esgerler we edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi 14-nji maýda sagat 15:00-da geçirýär. Ýaşlara uniwersitetde öwredilýän inženerçilik we tehnologiýa ugurlary, bakalawr we magistr maksatnamalary, «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi, döwrebap barlaghanalar, kitaphana we sport-sagaldyş toplumy tanyşdyrylar.

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Köşi köçesi, 100-nji jaý.
  • Habarlaşmak üçin: 39-16-12.

Türkmen döwlet medeniýet instituty hem medeniýetiň we sungatyň döwrebap ugurlaryna höwes bildirýän ýaşlary 14-nji maýda sagat 15:00-da çagyrýar. Instituta geljek mekdep uçurymlary ýokary okuw mekdebiniň taýýarlyk ugurlary, ylmy we çeper döredijilik işleri hem-de hünär öwrenmegiň öňdebaryjy tejribeleri barada giňişleýin maglumat alyp biler.

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114-nji jaý.
  • Habarlaşmak üçin: 48-11-30, 48-10-99.

«Açyk gapylar» günleri ýaşlara ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen duşuşmak, okuw binalaryna aýlanyp görmek we gyzyklanýan sowallaryna jogap almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.


düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......