Makron aýdym aýtdy, Paşinýan saz çaldy: syýasy sammit sungat bilen soňlandy

  • 08.05.2026 10:17
  • 8.5k+

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Ýerewandaky resmi agşam naharynda Şarl Aznawuryň meşhur «Bogema»  aýdymyny ýerine ýetirdiler. Iki ýurduň liderleriniň bu adaty bolmadyk çykyşy «Franceinfo» teleýaýlymynda görkezildi.

Wideoşekillerde Ýerewanda geçirilýän Ýewropanyň syýasy jemgyýetiniň sammitiniň hormatyna guralan dabarada fransuz lideriniň roýalyň ýanynda durup, mikrofonda aýdym aýdýandygyny synlamak mümkin. Oňa roýalda ermeni sazandasy we kompozitory Waagn Aýrapetýan, deprekde bolsa premýer-ministr Nikol Paşinýan sazandarlyk edýär.

Syýasatçylaryň sungatdaky çykyşyna dabaranyň beýleki gatnaşyjylary, şol sanda Ermenistanyň prezidenti Waagn Haçaturýan hem uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.

Ýewropanyň syýasy jemgyýetiniň sammiti ermeni paýtagtynda 4-5-nji maý günlerinde geçirildi. Oňa 50 sany döwletiň wekiliýeti, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň liderleri gatnaşdy. Forumyň esasy mowzugy Ermenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


25.06.2026 19:11
5.7k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......