ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

  • 08.05.2026 22:15
  • 8.1k+

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar.

Göwreliligiň 25-nji hepdesinde hirurglar ýatgydaky çagany bölekleýin çykaryp, oňa dem alyş ýollaryny açdylar we soňra ony yzyna ýerleşdirdiler. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Keýşera we Greg Žuberler göwreliligiň 19-njy hepdesinde çagada uly gaýra üzülmäniň bardygyny bildiler. Göwredäki çagada ýokary dem alyş ýollarynyň dogabitdi dykylma sindromy (obstruksiýa) kesel kesgidi goýuldy. Bu seýrek ýagdaýda galyň membrana çaganyň dem alyş ýollaryny bekleýär we netijede öýkenlerde suwuklyk ýygnanýar.

Bu sindrom her 50 müň çagadan birinde duş gelýär we köplenç ölüm bilen tamamlanýar. Bejerýän lukman Emanuel Wlastos özüniň 42 ýyllyk tejribesinde şular ýaly diňe on töweregi waka bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny we diňe üç çaganyň halas edilendigini aýtdy.

Ilki bilen lazer endoskopy arkaly ýatgynyň içinde operasiýa geçirmeklik bellenildi, ýöne bu synanyşyk netije bermedi. Şondan soňra lukmanlar has çylşyrymly usula başlamak kararyna geldiler.

Operasiýa 2025-nji ýylyň iýun aýynda Orlando lukmançylyk merkeziniň ýanyndaky Winni Palmer hassahanasynda geçirildi. Kesar kesimi arkaly çaga ýatgydan bölekleýin çykaryldy. Soňra gulak-burun-bokurdak hünärmeni hirurgiki ýol bilen oglanjyga dem alyş ýollaryny ýasady. Şondan soň çaga ýatga yzyna goýuldy we ýatgy gaýtadan tikildi.

Alty hepde geçenden soň, aýalyň çaga dogrumy başlady. Kassian atly oglanjyk takmynan 1,4 kg agramy bilen dünýä indi we dört aýdan gowrak wagtlap reanimasiýada ýatdy. Dekabr aýynyň ahyrynda çaga öýüne goýberildi.

Geljekde Kassian ýene birnäçe operasiýany geçirmeli bolar. Häzirki wagtda ol heniz hem emeli dem beriş enjamyna mätäçlik çekýär.

Meňzeş waka geçen ýyl 23 ýaşly britaniýaly Liza Koffiniň başyndan hem geçipdi. Göwrelilik döwründe onuň oglunda oňurga ýetmezçiligi anyklanypdy. Çaga kömek etmek üçin 27-nji hepdede ol wagtlaýynça ýatgydan çykarylyp, oňurgasy bejerildi we yzyna goýuldy.

Luka diňe 38-nji hepdede dünýä indi. Hassahanadaky gysga dikeldişden soň, ol öýüne goýberildi. Operasiýanyň şowly geçendigine garamazdan, çagada beýni patologiýasy (Arnold-Kiari sindromy) anyklandy. Lukmanlar onuň geljekde özbaşdak ýöräp biljekdigine şübheli garaýarlar.


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......