ABŞ uçýan näbelli obýektler (UNO) baradaky resminamalaryň gizlinligini aýryp başlady

  • 09.05.2026 11:01
  • 5.6k+

Pentagon näbelli anomal hadysalara degişli faýllary çap edip başlady.

Fewral aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp UNO bilen baglanyşykly hökümet resminamalarynyň gizlinligini aýyrmagy tabşyrypdy. Ol bu kararyny jemgyýetiň bu meselä bolan "örän uly gyzyklanmasy" bilen düşündirdi.

"Amerikan halky bu meselelerde has aýdyňlygy we açyklygy talap edýärdi, Prezident Tramp bolsa bu talaby ýerine ýetirýär" diýlip, ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň habarynda bellenilýär.

Resminamalaryň birinji bölümi ýörite döredilen saýtda köpçülige elýeterli edildi. Harby edara "zerurlyga görä" ol ýere täze maglumatlaryň goşuljakdygyny habar berdi.

Häzirki wagtda Pentagonyň, Federal derňew býurosynyň (FBR), NASA-nyň we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arhiwlerinden alnan 162 sany faýl çap edildi. Häkimiýetler bu maglumatlaryň köpüsiniň henize çenli anyklanan anomaliýalary düşündirmek maksady bilen hiç kim tarapyndan seljerilmändigini nygtaýarlar.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......