Şakira dünýä çempionatynyň resmi senasy boljak täze aýdymyny hödürledi

  • 09.05.2026 12:10
  • 6.4k+

Kolumbiýaly aýdymçy Şakira ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin «Dai Dai» atly aýdymyny hödürledi. Aýdymdan bölek onuň resmi YouTube sahypasynda ýerleşdirildi.

Şakira bu aýdymy nigeriýaly aýdymçy Burna Boy bilen bilelikde ýerine ýetirdi. Aýdymyň wideosy Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki «Marakana» stadionynda düşürildi. Onuň doly premýerasy 14-nji maýda bolar.

Mundan ozal Şakira 2010-njy we 2014-nji ýyllarda Günorta Afrika Respublikasynda we Braziliýada geçirilen dünýä çempionatlary üçin aýdym çykarypdy. Şonda onuň «Waka Waka» we «La La La» atly kompozisiýalary ýaryşlaryň resmi senalaryna öwrülip, örän meşhur boldy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda üç ýurduň çäginde 48 toparyň gatnaşmagynda geçiriler.


düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......