Google I/O 2026 maslahatynyň öňüsyrasynda Android üçin aýratyn tanyşdyryş çäresini geçirer

  • 09.05.2026 11:11
  • 710

Google kompaniýasy Android Show I/O Edition 2026 tanyşdyrylyşynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Ol 12-nji maýda Ýuwaş ummany wagty bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00-da) bolar. Bu çärede kompaniýanyň Android platformasynyň geljekki ösüşi barada giňişleýin maglumat bermegine garaşylýar.

Android Show formaty geçen ýyl peýda boldy we ol 19-njy maýda açylmagy meýilleşdirilýän esasy Google I/O 2026 maslahatynyň öňüsyrasynda aýratyn tanyşdyrylyş hökmünde bellenildi. 2025-nji ýylda bu çäräni Android ekoulgamynyň prezidenti Samir Samat alyp barypdy.

Google häzirlikçe garaşylýan täzelikleriň detallaryny aýan etmedi, emma şu ýylyň "Android üçin iň möhüm ýyllaryň biri" boljakdygyny mälim etdi.

Häzirki wagtda kompaniýa iýun aýynda çykarylmagyna garaşylýan Android 17 ulgamynyň üstünde işleýär. Google-yň bu ulgama degişli ozal mälim edilmedik täze funksiýalary hödürlejekdigi çaklanylýar.

Şeýle-de, köpçüligiň ünsi ChromeOS we Android ulgamlaryny birleşdirjekdigi aýdylýan Aluminium OS taslamasyna gönükdi. Mundan ozal Samsung-yň bu ulgamda işlejek arzan, orta we flagman derejeli noutbuklary taýýarlaýandygy habar berlipdi. Google-yň täze platformanyň mümkinçilikleri we onuň emeli aň (Gemini) bilen integrasiýasy barada has giňişleýin durup geçmegi mümkin. Aluminium OS diňe işçi kod ady hasaplanýandygy üçin, ulgamyň resmi adynyň yglan edilmegi hem ähtimal.

Şunlukda, Google eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna Android üçin aýratyn tanyşdyrylyş geçirýär we emeli aň ugrundaky köp sanly täzelikleriň arasynda mobil platformany özbaşdak ugur hökmünde tapawutlandyrýar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....