Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

  • 08.05.2026 10:25
  • 5.4k+

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi.

Täzelnen sanawyň birinji orny ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue eýeledi. Ikinji ýeňil agramda ýeňilmezek absolýut dünýä çempiony, öz watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňenden soňra reýtingiň başyna çykdy. Nakatani üçin bu şowsuzlyk karýerasyndaky ilkinji ýeňliş boldy.

Ozal reýtingde birinji orunda duran ukrainaly Aleksandr Usik ikinji setire düşdi. Şeýle-de, Dewid Benawides Hilberto Ramiresi ýeňenden soň, bir basgançak ýokary galyp, dördünji orna çykdy.

ESPN-iň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy boksçylarynyň (PFP) täze reýtingi:

  • Naoýa Inoue (33-0)
  • Aleksandr Usik (24-0)
  • Jessi Rodriges (23-0)
  • Dewid Benawides (32-0)
  • Şakur Stiwenson (25-0)
  • Dewin Heýni (33-0)
  • Dzýunto Nakatani (32-1)
  • Jaron Ennis (35-0)
  • Saul Alwares (63-3-2)
  • Jeý Opetaýa (30-0)

30.05.2026 08:45
7.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
9.9k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....