Adam bolmasa-da, jerime salnar: Kaliforniýada sürüjisiz ulaglar üçin täze düzgünler kabul edildi

  • 09.05.2026 08:54
  • 3.5k+

Kaliforniýa ştatynda sürüjisiz awtoulaglara eýeçilik edýän kompaniýalara ýol hereketiniň düzgünlerini bozan ýagdaýynda jerime salmaga mümkinçilik berýän düzgünler tassyklandy.

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Kaliforniýanyň Ulag serişdeleri departamenti hukuk goraýjy edaralara «talaplaryň berjaý edilmändigi baradaky duýduryşlary» bermäge hukuk berýän kadalary makullady. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer we sürüjisiz awtoulaglaryň umumy ýollarda düzgün bozulmalary üçin hiç hili jogapkärçilik çekmezden hereket etmegine ýol berýän hukuk boşlugyny aradan aýrar.

Mundan ozal ştatyň kanunlary diňe adam-sürüjilere degişlidi. Ulag serişdesi awtomatlaşdyrylan ulgam tarapyndan dolandyrylan ýagdaýynda, polisiýa (awtoulagy goýmak düzgünleriniň bozulmagyndan başga) jerime ýazyp bilmeýärdi.

Täze kadalara laýyklykda, düzgün bozulmasy hasaba alnan ýagdaýynda sürüjisiz awtoulagyň eýesi bolan kompaniýa onuň sürüjisi hasaplanar. Kompaniýalar her bir bolup geçen hadysa barada 72 sagadyň dowamynda, eger ýol-ulag hadysasy ýüze çykan bolsa, 24 sagadyň dowamynda departamente habar bermäge borçludyr.

Düzgünleriň yzygiderli bozulandygy üçin täsir ediş çäreleri göz öňünde tutulyp, olaryň arasynda awtoparkdaky ulaglaryň sanyny çäklendirmek, kompaniýanyň işini wagtlaýyn duruzmak ýa-da ulanmak üçin berlen rugsatnamany yzyna almak ýaly çäreler bar.


düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......