Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

  • 08.05.2026 11:49
  • 5.6k+

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi çagalaryň sany 13,29 milliona deň boldy diýip The Mainichi neşiri habar berýär.

Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 350 müň adam azdyr we statistika ýöredilip başlanan 1950-nji ýyldan bäri iň pes mukdardyr. Çagalaryň sanynyň azalmagy eýýäm yzygiderli 45 ýyl bäri dowam edýär. Deňeşdirmek üçin, 1954-nji ýylda bu görkeziji öz iň ýokary nokadyna – 29,89 milliona ýetipdi. Şeýle-de, 1970-nji ýyllaryň başynda (1971–1974) ikinji jahan urşundan soňky iň köp dogluş hasaba alnypdy.

Täze maglumatlarda görkezilýän ilatyň düzümindäki çagalaryň paýynyň 0,3 göterim azalyp, 10,8%-e düşmegi hem täze bir minimal rekord boldy. Bu statistika ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlulary hem öz içine alýar. Sanawyň düzüminde 6,81 million oglan we 6,48 million gyz bar. Ýaş toparlary boýunça iň uly görkeziji 12–14 ýaş aralygyndaky çagalarda (3,09 mln) bolsa, iň pes görkeziji 0–2 ýaş aralygyndaky körpelerdedir (2,13 mln). Bu bolsa dogluşyň peselýändiginiň açyk-aýdyň subutnamasydyr.

2025-nji ýylda Ýaponiýada 705 809 çaga dünýä indi. Bu öňki ýyldakydan 2,1% azdyr. Dogluşyň azalmagy eýýäm on ýyldan bäri yzygiderli dowam edip gelýär. BMG-niň çaklamalaryna görä, ilaty 40 milliondan geçýän ýurtlaryň arasynda Ýaponiýa çagalaryň iň az paýy boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar. Ondan-da pes görkezijä (10,2%) diňe Günorta Koreýa eýedir.

Dogluşyň azalmagy ilatyň çalt garramagy we zähmete ukyply raýatlaryň sanynyň kemelmegi bilen utgaşýar. Ýurduň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli bolan döwri demografik ýagdaýy düzetmek üçin iň soňky mümkinçilik hasaplaýarlar we maşgalalary goldamak ugrunda dürli çäreleri geçirýärler. Ýöne muňa garamazdan, häzirlikçe durnukly üýtgeşme gazanyp bolmaýar.


28.05.2026 17:06
4.1k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:41
3k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

27.05.2026 10:18
8.7k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

26.05.2026 00:48
3.1k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......