Täze Boeing 787 Dreamliner uçarlary taýýar, ýöne uçup bilenok

  • 09.05.2026 06:26
  • 4.6k+

Boeing kompaniýasy uçarlaryň esasy gurnama konweýerinden çykandygyna garamazdan, 787 Dreamliner laýnerlerini sargyt edijilere gowşurmagy saklaýar. Şeýle bökdençlige üpjünçilik zynjyryndaky meseleler sebäp boldy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Boeing 787 uçarlaryna bolan sargytlaryň sany 1100-den geçýär. Emma birinji çärýegiň dowamynda müşderilere diňe 15 sany uçar gowşuryldy.

Boeing-iň ýolbaşçysy Kelli Ortberg esasy kynçylyklaryň uçarlaryň önümçiligi bilen däl-de, düzüm bölekleriniň üpjünçiligi bilen baglydygyny aýdýar. Hususan-da, gürrüň hereketlendirijiler we ýolagçy oturgyçlary barada gidýär.

Bu model üçin hereketlendirijileri General Electric we Rolls-Royce kompaniýalary üpjün edýär. Pandemiýadan soňra awiagatnawlara bolan islegiň artmagy öndürijileriň iş ýüküni köpeltdi, bu bolsa gijikdirmelere getirdi.

Biznes we birinji klas üçin niýetlenen oturgyçlaryň üpjünçiligi aýratyn mesele boldy. Şeýle oturgyçlar elektronika bilen enjamlaşdyrylan çylşyrymly gurluşlar bolup, olar hökmany şahadatnamadan geçmeli. Bu resminamalar bolmasa, uçarlary ulanmaga rugsat berilmeýär.

Häzirki wagtda Boeing üpjünçilik meselelerini çözmäge we eýýäm öndürilen uçarlary gowşurmaga ünsi gönükdirýär. Üpjün edijiler ýetmeýän detallary getirýänçä, täze uçarlar aerodromlarda saklanar.


05.05.2026 00:32
3.8k+

Boeing uçarlar üçin «telefon budkasynyň» nusgasyny görkezdi

Boeing kompaniýasy uçaryň ýolagçylary üçin işlemäge we wideogepleşikleri geçirmäge niýetlenen aýratyn kabinanyň nusgasyny tanyşdyrdy. Bu täze taslama Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo 2026 sergisinde......

28.04.2026 12:10
3.7k+

Boeing 777 NASA-nyň uçýan uly barlaghanasyna öwrüldi

NASA Boeing 777-niň binýadynda täze ylmy uçary ulanmaga taýýarlyk işlerini tamamlady. Tehas ştatynda bir ýyl dowam eden döwrebaplaşdyrma işlerinden soň, bu uçar Wirjiniýa ştatyndaky Lengli barlag merkezine......

09.03.2026 16:05
1.1k+

NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar

NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar...

20.02.2026 21:11
5.2k+

Airbus kompaniýasy Boeing bilen bäsleşmek üçin iň uly uçaryny ýene ulaltmak isleýär

Ýewropanyň awiagurluşyk kompaniýasy Airbus özüniň giň fýuzelýažly flagman A350 uçarynyň has köp ýolagçy sygdyrýan görnüşini çykarmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori 19-njy fewralda geçirilen ýyllyk brifingde mälim etdi...