Boeing 777 NASA-nyň uçýan uly barlaghanasyna öwrüldi

  • 28.04.2026 12:10
  • 3.7k+

NASA Boeing 777-niň binýadynda täze ylmy uçary ulanmaga taýýarlyk işlerini tamamlady. Tehas ştatynda bir ýyl dowam eden döwrebaplaşdyrma işlerinden soň, bu uçar Wirjiniýa ştatyndaky Lengli barlag merkezine geldi. Ol NASA-nyň ylmy flotunda işden çykarylan DC-8 uçarynyň ornuny tutar.

Bu uçar NASA-nyň iň uly we iň güýçli uçýan barlaghanasyna öwrüldi. Ony döwrebaplaşdyrmak bilen L3Harris Technologies kompaniýasy meşgullandy. Hünärmenler uçaryň gurluşyny düýpli özgertdiler: korpusa ylmy gurallar üçin ýörite deşikler goýdular, penjireleri ulaltdylar, goşmaça kabel liniýalaryny çekdiler we zerur bolan ylmy enjamlar üçin ýer taýýarladylar.

Boeing 777 uzak möhletli missiýalar üçin niýetlenendir. Ol howada 18 sagatlap bolmaga ukyply. Şeýle-de uçaryň 13,1 km beýiklige çenli ýokary galmaga we 34 tonna enjamy daşamaga mümkinçiligi bar. Uçaryň bortunda 100-e çenli gözlegçi işläp biler, uçuş aralygy bolsa 16 700 km töweregine ýetýär.

NASA-nyň bellemegine görä, bu uçar atmosfera we klimat boýunça has giň möçberli gözlegleri geçirmäge mümkinçilik berer. Onda lidarlar, infragyzyl spektrometrler we uzakdan syn etmek üçin beýleki ýörite gurallar ulanylar.

Uçaryň ilkinji uly missiýasy – «NURTURE» 2027-nji ýylyň ýanwar aýyna meýilleşdirildi. Uçar ýiti sowuklar we buzly tupanlar bilen baglanyşykly ýagdaýlary öwrenmek üçin howa şertleri agyr bolan sebitlerde ylmy işleri alyp barar.


düýn 19:54
1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....