Airbus kompaniýasy Boeing bilen bäsleşmek üçin iň uly uçaryny ýene ulaltmak isleýär

  • 20.02.2026 21:11
  • 5.2k+

Ýewropanyň awiagurluşyk kompaniýasy Airbus özüniň giň fýuzelýažly flagman A350 uçarynyň has köp ýolagçy sygdyrýan görnüşini çykarmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori 19-njy fewralda geçirilen ýyllyk brifingde mälim etdi.
Häzirki wagtda bu uçaryň iň uly görnüşi A350-1000 bolup, ol adaty gurluşynda 350-den 410-a çenli ýolagçyny sygdyryp bilýär. Ýöne Airbus bazaryň has agramly we uzyn uçara isleg bildirýändigine ünsi çekýär.
Täze uçar ölçegleri we ýolagçy sygymy boýunça Airbus-yň häzirki flagmanyndan öňe geçýän amerikan Boeing 777-9 uçaryna gönüden-göni bäsdeş bolmaga gönükdirilendir. Kompaniýanyň ýolbaşçysy fýuzelýažyň uzaldylmagyny «önümiň tebigy ewolýusiýasy» diýip atlandyrdy, emma gutarnykly kararyň heniz kabul edilmändigini belledi. Häzirki wagtda taslama «öý işi» tapgyrynda barýar: inženerler sargytçylaryň talaplaryny we tehniki çäklendirmeleri, şol sanda şeýle uçar üçin täze we has güýçli hereketlendirijileri ulanmak zerurlygyny seljerýär.


09.05.2026 06:26
5k+

Täze Boeing 787 Dreamliner uçarlary taýýar, ýöne uçup bilenok

Boeing kompaniýasy uçarlaryň esasy gurnama konweýerinden çykandygyna garamazdan, 787 Dreamliner laýnerlerini sargyt edijilere gowşurmagy saklaýar. Şeýle bökdençlige üpjünçilik zynjyryndaky meseleler sebäp......

05.05.2026 00:32
3.8k+

Boeing uçarlar üçin «telefon budkasynyň» nusgasyny görkezdi

Boeing kompaniýasy uçaryň ýolagçylary üçin işlemäge we wideogepleşikleri geçirmäge niýetlenen aýratyn kabinanyň nusgasyny tanyşdyrdy. Bu täze taslama Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo 2026 sergisinde......

28.04.2026 12:10
3.7k+

Boeing 777 NASA-nyň uçýan uly barlaghanasyna öwrüldi

NASA Boeing 777-niň binýadynda täze ylmy uçary ulanmaga taýýarlyk işlerini tamamlady. Tehas ştatynda bir ýyl dowam eden döwrebaplaşdyrma işlerinden soň, bu uçar Wirjiniýa ştatyndaky Lengli barlag merkezine......

09.03.2026 16:05
1.1k+

NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar

NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar...