Boeing uçarlar üçin «telefon budkasynyň» nusgasyny görkezdi

  • 05.05.2026 00:32
  • 3.9k+

Boeing kompaniýasy uçaryň ýolagçylary üçin işlemäge we wideogepleşikleri geçirmäge niýetlenen aýratyn kabinanyň nusgasyny tanyşdyrdy. Bu täze taslama Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo 2026 sergisinde görkezildi.

Beýle modulyň kömegi bilen ýolagçylar beýleki adamlara päsgel bermezden we beýleki galmagallara ünsüni bölmezden gepleşikleri geçirmäge, wideokonferensiýalara gatnaşmaga we iş meseleleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik alarlar diýlip garaşylýar.

Görkezilen materiallara görä, kabinanyň içinde gepleşikleri üzňeleşdirilen ýagdaýda alyp barmaga kömek edýän sesi özüne siňdirýän materiallar ulanylýar. Kabina iki görnüşde ulanmaga – oturan ýeriňde işlemäge we aýak üstünde işlemäge niýetlenendir.

Kabinanyň içinde ýagtylandyryş ulgamy, zarýad beriji portlar we şahsy goşlar üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr. Iki görnüşiň arasyndaky esasy tapawut diňe iş stolunyň beýikligindedir.

Boeing ýolagçylaryň uçuş wagtynda işlemeginiň barha artýandygy sebäpli, geljekde şeýle çözgütlere islegiň uly boljakdygyny belleýär.

Bu taslamanyň haçan ornaşdyryljakdygy we mümkin bolan sargytçylary barada entek hiç hili maglumat ýok. Häzirki wagtda gürrüň taýýar önüm däl-de, diňe bir ideýanyň tanyşdyrylyşy barada gidýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....