ABŞ-da 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 08.05.2026 21:52
  • 1.3k+

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi.

Edebiýat kategoriýalarynda baýraga ýedi awtor  mynasyp boldy.

Deniel Kraus Birinji Jahan urşunyň esgerlerine bagyşlanan "Wepat bolan perişde" romany üçin "Çeper kyssa" kategoriýasynda baş baýraga mynasyp boldy. Kitap ýekeje jümlede ýazylan, emin agzalary bu usuly "stilistik syýahat de fors" diýip atlandyrdylar.

Bess Wol "Azat ediş" ("Liberation") atly pýesasy bilen dramaturgiýa kategoriýasynda ýeňiji boldy. Pýesa 1970-nji ýyllarda feminist aň-düşünjesini ýokarlandyrýan toparlara gatnaşan, Ogaýo ştatyndan bolan alty  aýal barada gürrüň berýär. Ýordum awtoryň ejesiniň ýatlamalaryna esaslanýar.

Jill Lepor Amerikanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmegiň kynçylyklaryny seljerýän "Biz, halk: ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň taryhy" ("We the People: A History of the U.S. Constitution") atly kitaby üçin "Taryh" kategoriýasy boýunça baýraga mynasyp boldy.

Terjimehal üçin baýrak Amanda Waýla "Buýsanç we lezzet: uýalar Skaýlerler rewolýusiýa döwründe" ("Pride and Pleasure: The Schuyler Sisters in an Age of Revolution") atly kitaby üçin berildi. Kitapda Amerikanyň taryhynda gollandiýaly ýer eýeleriniň uly şahslara täsirini ýetiren iki gyzy hakynda gürrüň berilýär.

Ýatlamalar we terjimehallar kategoriýasynda Iýun Li "Tebigatdaky zatlar diňe ösýär" ("Things in Nature Merely Grow") atly kitaby üçin ýeňiji boldy. Bu kitapda awtor iki oglunyň aradan çykmagyny we ýitginiň jebrine döz gelmek ugrundaky göreşini gürrüň berýär.

Poeziýa baýragy Juliana Sparyň howa krizisi döwrüniň poeziýasyna bagyşlanan "Ars Poeticas" ýygyndysyna berildi.

Braýan Goldstoun "Öýüň ýaly ýer ýok: Amerikada iş we öýsüzlik" ("No Place Like Home: Work and Homelessness in America") atly kitaby bilen non-fikşn kategoriýasynda ýeňiji boldy. Goldston Atlantadaky bäş maşgalanyň mysalynda  işleýän öýsüz adamlaryň krizisini görkezýär.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......