Tiz wagtdan dünýäniň ilaty, esasan, Afrikanyň hasabyna artar

  • 09.05.2026 06:05
  • 5.5k+

Dünýäde dogluşyň derejesi babatda sebitleriň arasyndaky tapawut barha artýar. Muňa BMG-niň täze infografikasynda görkezilen "Dünýäde ýurtlaryň ilatynyň geljegine täzeden syn" atly maglumaty şaýatlyk edýär.

Grafikde dünýäniň iň uly sebitleri boýunça ilatyň sanyny, şeýle hem olaryň ýönekeý ilat çalşygynyň derejesine gatnaşygyny - her aýala 2,1 çagadan düşýändigini hasaba almak bilen, dogluşyň umumy koeffisiýenti görkezilýär.

Iň ýokary görkeziji Afrikada hasaba alyndy - her aýala dört çagadan düşýär. Bu dünýä boýunça ortaça 2,2 çagadan iki esse köp we Ýewropa boýunça ortaça 1,4 çagadan üç esse ýokarydyr. Bilermenler geljekki onýyllyklarda Afrikanyň dünýä ilatynyň ösüşiniň uly bölegini düzjekdigini çaklaýarlar.

Beýleki köp sebitlerde dogluşyň derejesi eýýäm nesliň üznüksiz döräp duruş derejesinden aşak düşdi. Aziýada, Demirgazyk we Günorta Amerikada bu görkeziji her aýala takmynan 1,7 çagadan, Ýewropada bolsa 1,4 çagadan düşýär.

Bilermenler dogluşyň ýokary derejesini ilatyň ýaşlygy, şäherleşmegiň azlygy hem-de bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterlilikdäki tapawutlar bilen baglanyşdyrýarlar. Pes derejeler bolsa, tersine, ilatyň garraýandygyny we geljekde zähmet bazaryna basyş bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Şeýle şertlerde immigrasiýa we maşgala goldaw maksatnamalary barha möhümleşýär.


27.05.2026 10:41
3k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

26.05.2026 00:48
3.1k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

22.05.2026 21:18
6.2k+

Barlag adamyň ýaşaýan ýeriniň onuň bedeniniň garramagyna edýän täsirini görkezdi

Halkara alymlar topary adamyň ýaşaýan ýeriniň onuň biologik ýaşyna we molekulýar profiline täsir edýändigini anyklady. Bu barada Cell ylmy žurnalynda çap edilen makalada habar berilýär....

22.05.2026 13:16
5k+

Tiz wagtdan Finlýandiýada ilatyň garramagy sebäpli jaýlaryň 30%-i boş galar

Ýakyn 20 ýylyň dowamynda Finlýandiýada ilatyň çalt garramagy (ýaşuly adamlaryň sanynyň köpelmegi) sebäpli, ýurtdaky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň tas 30%-iniň boşap galmak howpy bar. Bu barada OP-Pohjola maliýe......