Tiz wagtdan Finlýandiýada ilatyň garramagy sebäpli jaýlaryň 30%-i boş galar

  • 22.05.2026 13:16
  • 5k+

Ýakyn 20 ýylyň dowamynda Finlýandiýada ilatyň çalt garramagy (ýaşuly adamlaryň sanynyň köpelmegi) sebäpli, ýurtdaky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň tas 30%-iniň boşap galmak howpy bar. Bu barada OP-Pohjola maliýe toparynyň taýýarlan täze hasabatynda duýdurylýar.

Gözleglere görä, ýurtdaky öýleriň ýarysyndan gowragynyň eýeleri iň uly ýaşaýjysynyň ýaşy 60-dan geçen maşgalalardyr. Ýaşulularyň aradan çykmagy ýa-da olaryň ýörite garrylar öýlerine göçmegi sebäpli, boşaýan jaýlar barha artar.

Ýakyn 10 ýylda şeýle jaýlaryň sany ondan öňki ýyllara garanyňda 10% köp bolar. Bu ýagdaý aýratyn hem 2030-njy ýyllarda has-da güýçlener.

Hasabatlardan çen tutsaň, 2026-njy ýylda eýeleriniň aradan çykmagy sebäpli 22 müňden gowrak jaý boşar we 2045-nji ýyla çenli bolsa bu görkeziji ýylda 25 müň jaýa çenli ýeter.

Bu kynçylyk esasan kiçiräk şäherlerde we obalarda (aýratyn-da ýurduň gündogarynda) ýüze çykar. Sebäbi ol ýerlerde ýaşuly jaý eýeleriniň sany gaty köp, emma täze jaý satyn almak isleýänleriň sany örän azdyr.

OP-Pohjola toparynyň ykdysatçysy Ýoona Widgren: «Jaýlar esasan şonsuz hem alyjysy az bolan sebitlerde boşap başlar. Bu bolsa ýurduň jaý bazaryny bütinleý böler. Täze jaý gurluşyklary diňe uly şäherlerde jemlenmegini dowam eder» diýip, bu barada öz garaýşyny mälim edýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, geljekde käbir kiçi şäherlerde täze jaý gurmak bes ediler. Onuň deregine bar bolan köne jaýlary abatlamaga ýa-da bütinleý boşap, weýran bolan öýleri ýykmaga has köp üns berler.


27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......