Chrome kompýuterlere gizlinlikde 4 GB göwrümli Gemini Nano modelini gurnap başlady

  • 08.05.2026 08:45
  • 1.9k+

Google Chrome brauzeri ulanyjylara habar bermezden ýa-da olardan rugsat soramazdan, takmynan 4 GB ululygyndaky Gemini Nano atly emeli aň modelini kompýuterlere gurnap başlady.

ThatPrivacyGuy resursynyň maglumatyna görä, bu funksiýadan ýüz öwürmegem mümkin däl, eger siz degişli faýllary öçürseňiz hem, ulgam olary awtomat usulda täzeden ýükläp alýar. «Weights.bin» diýlip atlandyrylýan bu faýl brauzeriň içindäki emeli aň funksiýalarynyň işlemegi üçin niýetlenendir. Bu ýagdaý Windows we macOS ulanyjylarynyň arasynda giňden ýaýrady. Geçirilen synaglar täze gurlan brauzeriň hiç hili rugsatsyz 15 minudyň içinde bu uly göwrümli modeli ýükläp alýandygyny görkezdi.

Bu funksiýany öçürmek we faýllaryň gaýtadan ýüklenmeginiň öňüni almak diňe şu usullar bilen mümkin:

Brauzeriň salgy ýazylýan ýerine chrome://flags ýazyp, Enter düwmesine basyň.

Gözleg meýdançasyndan «Enables optimization guide on device» sazlamasyny tapyp, ony «Disabled» (öçürilen) ýagdaýyna geçiriň.

Şonuň ýaly-da, «Prompt API for Gemini Nano» sazlamasyny hem öçüriň.

Kompýuteriňizdäki «OptGuideOnDeviceModel» atly bukany tapyp öçüriň (Windows-da bu AppData bukjasynyň içinde, macOS-da bolsa Application Support bukjasynyň içinde ýerleşýär).

Barlagyň awtory Google-yň bu ädiminiň Ýewropa Bileleşiginiň programma üpjünçiliginiň aýdyňlygy baradaky kanunlaryna ters gelip biljekdigini belleýär. Sebäbi kadalara laýyklykda, ulanyjynyň razylygy bolmazdan goşmaça programmalary gurnamak gadagandyr. Mundan başga-da, Chrome-yň milliardlarça ulanyjysynyň bardygyny hasaba alanyňda, şeýle agyr faýllaryň mejbury ýükledilmegi internet ulgamyna uly agram salýar we daşky gurşawa zyýanly gazlaryň bölünip çykmagyny artdyrýar.


düýn 16:10
3.2k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
995

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....