Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

  • 09.05.2026 00:16
  • 8.2k+

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram derejesinde çempion Hamzat Çimaýew öz guşagynyň ilkinji goragyny geçirer.

Ýeňilmezek söweşiji titulyň öňki eýesi Şon Striklende garşy urşar. Ikinji esasy tutluşykda iň ýeňil agramda çempion Joşua Wan ýaponiýaly dalaşgär Tatsuro Tairanyň garşysyna guşagyny gorar.

Ýaryşyň esasy kardynyň 10-njy maýda Aşgabat wagty bilen irden sagat 06:00-da, esasy söweşiň sagat 08:00-da başlamagyna garaşylýar.

Ýaryşy dolulygyna UFC Fight Pass platformasy arkaly görüp bolar. Şeýle hem, «Матч ТВ» we «Матч! Боец» teleýaýlymlary söweşleri göni ýaýlymda görkezer. UFC 328 ýaryşy matchtv.ru we sportbox.ru saýtlarynda hem elýeterli bolar.

Özüniň soňky söweşinde Hamzat Çimaýew geçen ýylyň awgustynda Drikus Dýu Plessi bilen duşuşdy we ony emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesi bilen ýeňip, guşagy eýeledi. Şon Striklend bolsa soňky gezek Entoni Ernandesden üstün çykdy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......