Marokkoda raketanyň şekilinde äpet gökdirän açyldy

  • 07.05.2026 23:07
  • 6.1k+

Marokkoda «Mohammed VI Tower» diýlip atlandyrylýan 250 metr beýiklikdäki täze bina gurlup gutaryldy. Bu gökdirän daşky görnüşi bilen, edil uçuş meýdançasynda duran raketany ýatladýar.

Paýtagt şäher Rabatyň golaýynda ýerleşýän we ýurduň şasynyň adyny göterýän bu bina, resmi taýdan Marokkonyň iň beýik, Afrika yklymynyň bolsa ikinji iň beýik ymaraty boldy.

Äpet taslamanyň taryhy örän gyzykly. «Afrika bankynyň» ýolbaşçysy, telekeçi Otman Benjellun 1960-njy ýyllaryň ahyrynda NASA-nyň merkezine baryp, Apollo 12 missiýasyna taýýarlanýan Saturn V raketasyny görenden soň, şeýle täsin görnüşli bina gurmagy meýilleşdirýär.

Maýa goýumy takmynan 700 million dollara barabar bolan binanyň gurluşygyna 8 ýyl sarp edildi. Desga diňe bir owadanlykda däl, eýsem, inženerçilik taýdan hem kämildigi bilen saýlanýar. Günorta tarapy Gün panelleri, demirgazyk tarapy aýna bilen örtülen ymarat, ýagyş suwlaryny ýygnamak ulgamy arkaly halkara LEED Gold ekologiýa standartyna hem laýyk gelýär.

Gökdiräniň düýbi 60 metr çuňluga gidýär. Güýçli ýellerde yranmazlygy üçin, onuň depesinde ýörite maýatnikli dempfer gurnaldy.

Elli bäş gatly bu binanyň umumy meýdany 102 müň inedördül metrden gowrak bolup, onda ofisler we kaşaň apartamentler, lýuks myhmanhana, şäheriň panorama görnüşini synlamak üçin ýörite meýdança bar. Şeýle-de onda gelen-gidenleri gatnatmak üçin 36 sany lift gurnalan.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj-Halifany guran BESIX kompaniýasy çykyş etdi.


09.09.2025 16:11
9.2k+

Marokkoda dinozawrlar eýýamynyň "janly tanky" tapyldy: olaryň güýçli sowudy bolupdyr

Marokkoda paleontologlar özboluşly gorag uýgunlaşmaly dinozawr bolan Spicomellus aferi ankilozawryny tapdylar. Alymlar bu üýtgeşik ýyrtyjynyň daşky keşbini döretdiler. Nature žurnalynda çap edilen barlagda ankilozawrlaryň esasy goraglarynyň köpüsiniň ozal pikir edilişinden has ir peýda bolandygy ýüze çykaryldy...

10.10.2024 21:00
4.1k+

ÝUNESKO Marokkonyň Rabat şäherini 2026-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty diýip yglan etdi

ÝUNESKO Marokkonyň paýtagty Rabat şäheriniň 2026-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty statusyna eýe bolandygyny habar berdi diýip, Maghreb Arabe Press habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berýär. Karar halkara...

düýn 20:27
1.7k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
2.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......