ÝUNESKO Marokkonyň paýtagty Rabat şäheriniň 2026-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty statusyna eýe bolandygyny habar berdi diýip, Maghreb Arabe Press habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.
Karar halkara guramalaryň neşirýat işi we kitaphanalar pudagyndaky tekliplerine esaslanyp kabul edildi.
Rabat okamagy ýaýratmagy we ýerli neşirýatlary goldamagy maksat edinýän medeni çäreleriň merkezine öwrüler.
ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azule Rabatyň medeni ähmiýetini bilimiň we sungatyň çatrygy hökmünde belläp geçdi. Marokkonyň kitap pudagynyň bilim programmalaryny ösdürmekdäki hem-de dürli bilimleri we sungaty ýaýratmakdaky ähmiýetine ünsi çekdi.
Marokkonyň Medeniýet ministrligi Rabata berlen derejäni makullady we ony "şamçyrag şäher" diýip atlandyrdy. Agentlik ýurduň medeni mirasynyň baýlygyny görkezmek we kitaplaryň uniwersal dili arkaly medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri ösdürýän innowasion çäreleri guramak boýunça meýilnamalaryny yglan etdi.
Bütindünýä kitap paýtagty statusynyň çäklerinde Rabat kitaplara elýeterliligi gowulandyrmak, ýaşlary okamaga çekmek we ýerli neşirýatlary goldamak üçin dürli çäreleri gurar.
ÝUNESKO 2001-nji ýyldan bäri her ýyl Bütindünýä kitap paýtagtyny saýlaýar. At kitap we okamak bilen baglanyşykly iň oňat jemgyýetçilik programmalary üçin berilýär. Rabat estafetany Strasburgdan (2024) we Rio de Žaneýrodan (2025) alar.