ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

  • 22.02.2026 15:18
  • 1.5k+

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär kätibi, şeýle hem ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tassyklanan gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar Milli toparyň 2025-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, medeniýet we ylym ulgamlary boýunça hasabatlara seretdiler, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de mejlisiň  barşynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizilen medeni gymmatlyklar, milli mirasy «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň çäklerinde hödürlemek, Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň «Öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna» girizilmegi, UNITWIN maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýanynda «Sanly ylym» kafedrasynyň döredilmegi, şeýle hem HYYÖ-uniwersitetinde ÝUNESKO klubunyň açylmagy bellenildi. Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň kandidaturasyny 2026-2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetine hödürlemek meselesine hem seredildi.
Mejlisiň ahyrynda gatnaşyjylar bilimi, ylmy, medeniýeti, durnukly ösüşi we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......