Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

  • 08.05.2026 00:12
  • 4.7k+

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň degişli buýrugy bilen bu sanawa nerwler, oňurga ýiligi we onuň bölekleri, şeýle hem süňkler we olaryň bölekleri goşuldy. Onuň ornuna kelleçanagyň gümmez süňkleri we aşaky äň sanawdan çykaryldy. Resminamada: «Şu buýruk 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girýär we 2031-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hereket edýär» diýlip bellenilýär.

Şobuň bilen bir wagtda ýokarky agzalaryň (el-gollaryň) transplantasiýasynyň hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryşy ulgamy boýunça mugt bolandygy habar berilýär. Şeýle-de muňa böwrek göçürmek hyzmaty hem degişli edildi.

Russiýada ilkinji gezek Moskwa şäheriniň lukmanlary el transplantasiýasyny geçirip başladylar. Paýtagtyň saglygy goraýyş departamenti munuň häzirki zaman hirurgiýasynyň we mikrohirurgiýasynyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biridigini belleýär.


24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......