Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby gerçek ýigitleriň bäsleşiginde baş baýragy aldy

  • 07.05.2026 22:24
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bu çärä deslapky tapgyrlarda öz zehini we ukyp-başarnyklary bilen saýlanan 27 talyp gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine görä, talyp ýigitler aýdym-sazlaryň, şowhunly tanslaryň üsti bilen öz hünärlerini taryplamakda, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmakda hem-de milli edim-gylymlary görkezmekde bäsleşdi. Çykyşlarda türkmen ýigidine mahsus bolan edermenlik, mertlik we halallyk ýaly asylly häsiýetler goşgularyň, monologlaryň hem-de täsirli sahnalaryň üsti bilen beýan edildi. Şeýle-de, talyp ýigitler jemleýji tapgyrda özleriniň wäşilik ukyplaryny görkezdi.

Eminler toparynyň netijelerine görä, bäsleşigiň baýrakly orunlary şeýle paýlandy:

  • Baş baýrak: Muhammetmyrat Atamyradow – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti;
  • 1-nji orun: Akmuhammet Açylow – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti;
  • 2-nji orun: Maksat Işangulyýew – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty; Abdulwaht Abdyrahymow – Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;
  • 3-nji orun: Japarberdi Japarow – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy; Mämmet Toýryýew – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti; Mekan Atamyradow – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşan beýleki talyplar «Edermen ýigit», «Ylhamly ýigit», «Şahandaz ýigit» ýaly dürli ugurlar boýunça ýörite sylaglara mynasyp boldy. Ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......