3.7k+

Göze ilmeýänleriñ gözelligi CUPOTY 2025 bäsleşiginiň ýeňijileriniň suratlarynda

​«Ýakyn aralykdan düşürýän ýylyň suratçysy» (Close-Up Photographer of the Year, CUPOTY) halkara bäsleşiginiň eminleri geçen ýylyň jemlerini jemläp, ýeňijileri yglan etdiler. Baýraklar makroformatda düşürilen haýwanat dünýäsini, ösümlikleri, mör-möjekleri we tebigy peýzažlary öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça gowşuryldy...

11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş we +26 °C

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda  şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar...

4.7k+

iPhone 17e 19-njy fewralda uly şowhun bolmazdan çykarylar

Apple kompaniýasy täze iPhone-yň sessiz-üýnsüz çykyşyna taýýarlanýar. Macwelt-iň maglumatlaryna görä, kompaniýa eýýäm 19-njy fewralda diňe metbugat beýanatyny neşir eder we iPhone 17e-niň satuwyna başlar. Bu model «arzan» hatary dowam etdirýär, ýöne käbir aýratynlyklar bar...

13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi...

781

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

8.8k+

«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy

«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi...

6.5k+

Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy

Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy...

4.3k+

Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler

Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi...

2.5k+

Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär...

3k+

Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi...

9.9k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy...

6k+

Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..

Ýakynda peýda bolan RentAHuman.ai hyzmaty internetde kän jedel döretdi. Ol emeli aň agentlerine neýroulgamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän meselelerini çözmek üçin adamlary işe almaga mümkinçilik berýär. 2-nji fewralda işe başlan bu meýdança algoritmleriň eýeleri bilen iş gözleýjileriň arasynda baglaýjy halka bolup hyzmat edýär...

2.2k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi...

5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

7.6k+

Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi

Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy...