Excel boýunça çempionatda uly öwrülişik: Üç gezekki dünýä çempiony täjini elden gidirdi

  • 08.02.2026 03:56
  • 3.5k+

Asly Irlandiýaly bolan Dirmid Erli Microsoft Excel boýunça dünýä çempiony boldy. Ol 2025-nji ýylyň çempionatynyň finalynda bu adyň üç gezekki eýesinden – awstraliýaly bäsdeşinden üstün çykdy.
Bäsleşik 500 töweregi tomaşaçyny ýygnady. Gatnaşyjylar üçin iň soňky synag Excel-de gurallaryň kömegi bilen wirtual kagyzdan origami ýasamak boldy. Diarmuid ilkibaşda howlunyň basylandygyny, ýöne ahyrky ýumşy görüp, ondan baş çykaryp biljekdigine ynamynyň bolandygyny aýdýar.
Diarmuid çagalygyndan matematika gyzyklanma bildirýär, Excel-i bolsa uniwersitetde okaýan döwri hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin ulanyp başlaýar. Nýu-Ýorka göçüp gelenden soň, ModelOff bäsleşigi barada bilýär. Ilkibaşda bu çäre 16 adamyň gatnaşmagynda ýapyk görnüşde geçirilýärdi, Erli hatda 2019-njy ýylda ýeňiji hem boldy. Soňra maliýe modelirlemesi boýunça iki gezek Dünýä kubogyny utdy. Wagtyň geçmegi bilen bu bäsleşik uly meşhurlyk gazanyp, Microsoft Excel boýunça dünýä çempionatyna öwrüldi. ESPN teleýaýlymy bolsa ony göni ýaýlymda görkezip başlady.
Çempionatyň baş baýragy 5 müň dollar bolup, ýeňiji ony «Gyzzyrma garşy» gaznasyna bagyşlady.


21.05.2026 23:48
1k+

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

21.05.2026 13:59
2.6k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

11.05.2026 20:26
1k+

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....