Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

  • 21.05.2026 23:48
  • 1k+

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi.

Kompaniýa bu gezek täze nesil kompýuterlerini çykarmaga ilki bilen Intel prosessorly modellerden başlady, ýylyň ahyryna çenli bolsa täze Qualcomm Snapdragon X2 çipleri bilen üpjün edilen görnüşlerini hem çykarmagy meýilleşdirýär.

Surface Pro 12 planşetiniň başlangyç bahasy 1949,99 dollar bolup, bu model Intel Core Ultra 5, 16 GB operatiw ýat, 256 GB hemişelik ýat we 13 dýuýmlyk PixelSense displeýi bilen üpjün edilendir. Intel Core Ultra 7 prosessorly, 64 GB operatiw ýatly we 1 TB hemişelik ýatly iň ýokary gurluşly toplumynyň bahasy bolsa 4399,99 dollara ýetýär. Planşet öňki nesliň dizaýnyny saklap galdy.

Surface Laptop 8 noutbuklary 13,8 we 15 dýmlyk ölçeglerde hödürlenýär we olaryň başlangyç bahasy 1949,99 dollar bolup, öňki Surface Laptop 7-niň başlangyç bahasyndan iki esse diýen ýaly gymmatdyr. Täze enjam Intel Core Ultra 5 prosessoryny, 16 GB operatiw ýady we 256 GB hemişelik ýady hödürleýär. Iň ýokary gurluşly (Core Ultra 7, 64 GB operatiw we 1 TB hemişelik ýat) 13,8 dýuýmlyk model 4299,99 dollara, 15 dýuýmlyk meňzeş gurluşly model bolsa 4499,99 dollara deňdir.

Noutbuklara kämilleşdirilen taktil sensor paneli goşuldy. Şeýle-de, 13,8 dýuýmlyk modelde ilkinji gezek diňe bir düwmäni basmak arkaly işe girizilýän gizlinlik ekrany funksiýasy peýda boldy. Ol biznes maglumatlaryny keseki gözlerden goramaga ýardam edýär.

Mundan başga-da, Microsoft has ykjam we amatly bolan 13 dýuýmlyk Surface Laptop for Business (1-nji nesil) modelini hem tanyşdyrdy. Onuň başlangyç bahasy 1499,99 dollar bolup, Core Ultra 5 prosessorly iň ýokary gurluşy 2249,99 dollara barabar. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýa 1299,99 dollardan bu modeliň 8 GB operatiw ýatly has arzan görnüşini hem satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.


düýn 11:22
1.5k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....