Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

  • 09.02.2026 10:42
  • 1.5k+

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi bolan progressiw Halk partiýasy ýeňlendigini boýun aldy diýip, Bangkok Post neşiri habar berýär.
Deslapky maglumatlara görä, «Tailandyň buýsanjy» parlamentiň aşaky palatasyndaky 500 orundan takmynan 200-sini eýeleýär. Halk partiýasyna bolsa 100 töweregi mandat düşýär. Üçünji ýeri bolsa 70-e golaý orun alan liberal «Tailand üçin» partiýasy eýeledi. Bu partiýa hökümeti düzmek üçin zerur bolan koalisiýany döretmekde «Tailandyň buýsanjy» partiýasynyň ähtimal hyzmatdaşy hökmünde-de görülýär.
«Biz bu ýeňşi halkyň partiýanyň ýurduň durnukly ösüşine goşant goşjakdygyna we adamlary biynjalyk edýän meseleleri çözjekdigine bolan ynamyň nyşany hökmünde görýäris. Biz halkyň islegine doly düşündik» diýip, Anutin Çarnwirakul öz garaýşyny mälim etdi.
Düýn, ýagny 8-nji fewralda saýlawlar bilen bir wagtda Konstitusiýa üýtgeşmeler girizmek boýunça ses berilişik hem geçirildi. Deslapky maglumatlara görä, ses bermäge gatnaşanlaryň takmynan 60%-i konstitusion üýtgeşmeleri goldady.


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...