Türkmen wekiliýeti Bangkokda geçirilýän UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

  • 21.04.2026 21:24
  • 1.1k+

Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

2026-njy ýylyň 24-nji apreline çenli dowam etjek bu halkara forumda Türkmenistana Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik edýär. Sessiyanyň esasy mowzugy Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin hemmetaraplaýyn jemgyýeti kemala getirmek we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine gönükdirildi.

Gepleşikleriň dowamynda statistika, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şonuň bilen birlikde, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPECA) gatnaşyjy döwletleriň Ministrler duşuşygy hem meýilleşdirilip, onda sebitde durnukly ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek, sanlylaşdyrmak we «ýaşyl» özgertmeleri amala aşyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berler.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri ESCAP-yň doly hukukly agza döwleti bolup, sebitara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gönükdirilen halkara kararnamalaryň awtory hökmünde çykyş edýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......